Zarýad berilýän batareýany aýyrmak
-
Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary
barada maglumaty www.philips.com/REACH
salgysynda tapmak bolar
DÜZÜMINDE ZARÝAD BERILÝÄN LITIÝ-ION ÖÝJÜK
BAR. TÄZEDEN DIKELDIŞE BERILMELI ÝA-DA
TALABALAÝYK ZYŇYLMALY.
Enjam zibile zyňlanynda içinde gurnalgy zarýad berilýän
batareýany diňe ýörite hünärli ussa aýyrmalydyr.
Batareýany aýyrmazdan öň, onuň doly çökendigini
anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we
zarýad beriň bolýan batareýleri zibile
zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini
ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi,
barmaklaryňyzy we üstünde işleýän ýeriňizi
goraň.
Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we
batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin
gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak
üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere
(mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler)
galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna
alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile
zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän
plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga
salyň.
Batareýlere zeper ýeten bolsa ýa-da olardan
suwuklyk syzyp çykýan bolsa, onuň derä ýa-da
gözlere galtaşmagyndan gaça duruň. Şeýle
ýagdaý bolup geçse, dessine suw bilen oňat edip
ýuwuň we lukmançylyk kömegini alyň.
605
Türkmençe