380
Türkmençe
Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri
-
Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny
geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň
stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant
enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-
da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň.
-
Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy
ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik
klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak
üçin niýetlenilmeýär.
-
Önüme 5 °C bilen 40 °C temperatura aralygynda
zarýad beriň we şol aralykda ulanyň.
-
Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan
aýrylmaly batareýalar bar
-
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin
ulanyň. Önümi we onuň batareýalaryny hem-de
esbaplaryny ulanmazdan ozal, şu maglumaty üns
bilen okaň hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap
goýuň. Nädogry ulanmak howplara ýa-da agyr
şikeslere eltip bilýär. Enjam bilen üpjün edilýän
esbaplar dürli önümlerde dürli bolup biler.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny we sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe aýryp bolýan WAAxxxx
tok üpjünçilik bloguny ulanyň.
-
Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary
günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.
-
Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa,
onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin
adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi
ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-
e ýüz tutuň.
-
Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly
ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.