Télécharger Imprimer la page

Philips HX3826/31 Manuel D'utilisation page 380

Publicité

Möhüm howpsuzlyk maglumaty
Duýduryşlar
Bu önümi diňe onuň niýetlenilýän maksady üçin ulanyň.
Önümi we onuň batareýalaryny hem-de esbaplaryny
ulanmazdan ozal, şu möhüm maglumaty üns bilen okaň
hem-de geljekde gollanmak üçin ýygnap goýuň. Nädogry
ulanmak howplara ýa-da agyr şikeslere eltip bilýär.
-
Zarýadnigi suwdan uzakda saklaň.
-
Arassalanyňyzdan soň, zarýadnigi diwar rozetkasyna
dakmazdan öň doly guradyň.
-
Enjamy çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde
ulanmak boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz
ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli
howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki,
duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi we
bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler. Çagalar
gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we
ulanyjy tarapyndan geçirilmäge degişli abatlaýyş
işlerini geçirmeli däl.
-
Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
-
Diňe hakyky Philips esbaplaryny ýa-da sarp ediş
materiallaryny ulanyň. Diňe önümiň ýany bilen berlen
USB zarýadnigi ulanyň.
-
Önüme daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda
zarýad bermäň.
-
Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda
arassalamaň.
-
Fiziki şikes bolmaz ýaly, gaby gyzgyn suwdan
doldurmaň. Gabyň içine del jisimler salmaň.
-
Ulanmagyň maksimum beýikligi 4420 metrdir.
-
Bu önüm diňe dişleri we diş etini arassalamak üçin
dizaýn edilendir. Ony başga hiç maksat üçin ulanmaň.
(meselem, gözler, burun we gulaklar).
-
Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa,
ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga
dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz,
enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman
bilen maslahatlaşyň.
Türkmençe
379

Publicité

loading