Télécharger Imprimer la page

Philips Sonicare Cordless Power Flosser Serie Instructions page 96

Publicité

Professionallar üçin batareýa aýyrmak görkezmeleri -
Sonicare Cordless Power Flosser Series
Önüm zibile zyňlanynda önümiň içine ornaşdyrylan
zarýad berip bolýan batareýi diňe ýörite hünärli ussa
aýyrmaly. Batareýany aýyrmazdan öň, onuň doly
çökendigini anyklaň.
Enjamy açmak üçin guralary ulananyňyzda we
zarýad beriň bolýan batareýleri zibile
zyňanyňyzda ähli zerur howpsuzlyk çärelerini
ýerine ýetiriň. Hökman gözleriňizi, elleriňizi,
barmaklaryňyzy we üstünde işleýän ýeriňizi
goraň.
Batareýleri elläniňizde elleriňiziň, önümiň we
batareýleriň gurudygyna göz ýetiriň.
Batareýler aýrylanyndan soň olarda tötänleýin
gysga utgaşmanyň emele gelmeginiň öňüni almak
üçin batareýiň klemmalarynyň metal närselere
(mysal üçin, teňňeler, saç tokalary, ýüzükler)
galtaşmagyna ýol bermäň. Batareýleriň daşyna
alýumin folga oramaň. Batareýleri zibile
zyňmazdan ozal olaryň klemmalaryna ýelmeşýän
plýonka ýelmäň ýa-da batareýleri plastik haltajyga
salyň.
Zarýad berilýän batareýany aýyrmak üçin, size sim
gyrkyjy/gaýçy, ýasy golowkaly (standart) we Phillips
towlaýjysy gerek.
1 Batareýanyň islendik zarýadyny boşatmak üçin,
Cordless Power Flosser-iň arka tarapyndan zarýad
beriş kabelini sogrup, enjamy işlediň we ony özi
durýança işledip saklaň. Şu ädimi enjamy işledip
bolmajak derejä ýetýänçäňiz gaýtalaň.
2 Nasadkany aýryp zyňyň. Nasadkany aýyrmak üçin,
nasadkany goýberiş düwmesini basyp, nasadkany
tutawaçdan çekiň.
Türkmençe
99

Publicité

loading