406
Türkmençe
Philips Sonicare diş çotgaňyzy ulanmak
Çotgalama görkezmeleri
Bellik: Batareýa doly zarýad bermek 24 sagada çenli çekip
biler, ýöne Philips Sonicare diş çotgasyny doly zarýad
almanka-da ulanyp bilersiňiz.
Eger Sonicare diş çotgaňyzy birinji gezek ulanýan
bolsaňyz, elektriksiz diş çotgasyny ulanýan
wagtyňyzdakydan has köp titreme duýsaňyz, ol adaty
ýagdaýdyr. Ilkinji gezek ulanýanlaryň gaty basyp
ulanmagy adaty ýagdaýdyr. Diňe çalaja basyş ediň we diş
çotgasynyň özüniň çotgalamagyna ýol beriň. Iň gowy
tejribe üçin, aşakdaky diş çotgalama görkezmelerini
berjaý ediň. Täze Sonicare elektrikli diş çotgaňyza
geçmäge kömek etmek üçin, onda EasyStart aýratynlygy
işledilgi gelýär. Bu aýratynlyk Philips Sonicare diş çotgasy
bilen çotgalamaga uýgunlaşmagyňyza kömek etmek
üçin, ilkinji 14 çotgalamanyň dowamynda onuň güýjüni
çalajadan köpeldýär.
1 Gyllary ölläň we üstüne azajyk diş pastasyny çalyň.
2 Diş çotgasynyň gyllaryny dişlere çalaja burç (45
gradus) bilen goýuň we gyllar diş eti çyzygyna ýa-da
diş eti çyzygynyň çalaja aşagyna ýeter ýaly edip,
çalajadan basyň.
Bellik: Çotganyň ortasyny hemişe dişleriňize degrip
saklaň.
3 Philips Sonicare-i işletmek üçin, aç/öçür düwmesini
basyň.
4 Gyllary emaý bilen dişleriň üstünde we diş eti
çyzygynda saklaň. Gyllar dişleriň arasyna ýeter ýaly
edip, çalaja öňe-yza hereket etdirip, dişleriňizi
çotgalaň. Bu hereketi çotgalama döwräňiziň
dowamynda dowam ediň.
Bellik: Gyllar çalaja hüžžerip durmalydyr. El bilen
ulanylýan diş çotgasynda bolşy ýaly, gazalap
çotgalamak maslahat berilmeýär.