390
Türkmençe
Arassalamak
Bellik: Zarýad pes görkezijisi peýda bolanda, Power
Flosser her biri 1 minutlyk azyndan 3 sany arassalama
seansyny üpjün etmäge niýetlenilendir.
Cordless Power Flosser-i hepdede bir gezek arassalamak
gerek. Enjamy we esbaplary şu aşakdaky ýaly arassalaň.
Esbaplar her modelde başgaça bolup biler.
Duýduryş: Zarýad beriş şnury we adapter dakylgy
wagty, Cordless Power Flosser-i arassalamaň.
Arassalamazdan öň, enjamy tokdan sogruň we
zarýad beriş portunyň gapagyny ýapyň.
Gap
Gaby towlap, emaý bilen Cordless Power Flosser-den
aýryň. Gaby mylaýym suwda ýeňil sabynlap el bilen
ýuwmak ýa-da gap-gaç ýuwujynyň ýokarky tekjesinde
arassalamak bolýar.
Tutawaç
Zerur bolan halatynda, tutawajy ýumşak mata bilen ýeňil
sabynlap süpürmek arkaly arassalap bilersiňiz.
Nasadkalar
-
Wagtly-wagtyna arassalamak: Nasadkany tutawaçdan
aýryň. Onuň ujuny krandan akýan suwda ýuwuň.
-
Her birnäçe aýdan ýa-da nasadkaňyz dykylanda:
Nasadkany 2 paý suw we 1 paý sirke guýlan gapda 5
minutlap eziň. Nasadkany ýyly suwda ýuwup durlaň.
Içerki komponentler, şlang we tutawaç
Gaby ýyly suwdan dolduryp, 1-2 çaý çemçesi ak sirke
goşuň. Nasadkany rakowina tutuň we Cordless Power
Flosser-i işledip, ergini tä gap boşaýança Cordless Power
Flosser-den akdyryň. Arassa ýyly suwdan doly gap bilen
gaýtalap ýuwuş geçiriň.
Nasadka goýulýan çehol
Goýulýan çeholy mylaýym suwda ýeňil sabynlap el bilen
ýuwmak ýa-da gap-gaç ýuwujynyň ýokarky tekjesinde
arassalamak bolýar.